«Merkezi Aziýa — Koreýa» forumynda ekologiýa meselesi maslahatlaşyldy

  • 26.11.2020 18:40
  • 2.1k+

Düýn onlaýn görnüşde geçirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa” nobatdaky hyzmatdaşlyk forumynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ekologiýa meselesi boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawyň goralmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň özi kabul edilen milli meýilnamalarda we maksatnamalarda, şeýle hem Türkmenistanyň öňe sürýän sebitleýin we halkara başlangyçlarynda ýüze çykýar.
Hususan-da, howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa hem-de milli tokaý maksatnamasy bellenilip geçildi, şolar Pariž ylalaşygynyň ýörelgelerine kybap gelýär.
Ekologiýa degişli taslamalary amala aşyrmak, şol sanda tokaý hojalygy hem-de Türkmenistanda howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça koreý tarapy bilen gatnaşyklar barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň örän möhüm ekologiýa meseleleriniň biriniň Aral deňziniň gurap barýandygyndan ybaratdygy aýratyn bellenildi. Bu mesele yzygiderli ýagdaýda ählumumy häsiýete eýe bolýar hem-de adam saglygyna örän ýaramaz täsirini ýetirýär, şoňa görä-de Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......