"Sputnik V" Pfizeriň we Modernanyň sanjymlaryndan arzan bolar

  • 22.11.2020 23:28
  • 7.8k+

Ruslaryň koronawirusa garşy "Sputnik V" sanjymy Pfizeriň we Modernanyň sanjymlaryndan has arzan bolar. Bu barada ýekşenbe güni "Sputnik V" sanjymynyň Twitter hasabynda habar berildi. Muny TASS ýetirýär.

"Pfizeriň sanjymynyň her dozasy üçin 19.5 dollar we Modernanyň sanjymynyň her dozasy üçin 25-37 dollar bahalar mälim edildi, bu bolsa her adam üçin 39 dollar we 50-74 dollar diýmekdir. Her adama Pfizer, "Sputnik V" we Moderna sanjymynyň iki dozasy gerek. Sputnik V-iň bahasy has arzan bolar"-diýlip, habarda aýdylýar.

"Sputnik V" sanjymynyň bahasy indiki hepde yglan ediler diýip, Russiýanyň gönüden-göni maýa goýum gaznasynyň wekili žurnalistlere aýtdy.
Russiýa 11-nji awgustda dünýäde ilkinji bolup "Sputnik V" ady bilen adenowirusyň iki ştamyna esaslanýan koronawirus sanjymyny bellige aldy. Sanjym Gamaleýa Merkezi tarapyndan işlenip düzüldi we iýun-iýul aýlarynda kliniki synaglardan geçdi. Ol ozal hem birnäçe sanjymlar döredilen eýýäm belli platforma esaslanýar. 15-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi bu sanjymyň önümçiliginiň başlandygyny habar berdi.

düýn 20:25
1.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......