Daşoguzda lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi artýar

  • 21.11.2020 23:25
  • 9.1k+

2020-nji ýylyň başyndan bäri Daşoguz şäheriniň steril sargylary öndürýän kärhanasynyň kollektiwi sarp edijilere ýedi ýarym million manatlykdan gowrak önüm iberdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn Asyr" web sahypasy habar berýär.

Iberilen önümleriň arasynda dürli ululykdaky hasa, gips we elastik bintler, leýkoplastyrlar, zyýansyzlandyrylan tamponlar, damarlaryň warikoz giňemesine garşy elastik joraplar (çulkiler), dyzlyklar we topuklyklar, umuman alananda, iki sany esasy görnüşde - aýratyn we toparlaýyn gaplamalarda 50 töweregi ýokary hilli lukmançylyk önümi bar.

Operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk ýektaýlary we dokama däl materialdan kombinezonlar, metrlik agardylan hasalar hem uly islege eýe.

Ýokary tehnologiýaly kärhanada gurlan Germaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan bolan belli kompaniýalaryň enjamlary ýurduň lukmançylyk edaralarynyň islegini çalt kanagatlandyrmaga we önümleriniň gerimini giňeltmäge, önümçiligiň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu ýerde 9 million manatlyk önüm öndüriler, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür.

Umuman alanyňda, Daşoguzyň steril sargylary öndürmek boýunça kärhanasy ýylda 13 milliona çenli dürli görnüşli sargy önümlerini awtomatik ýagdaýda öndürmäge ukyplydyr.

düýn 23:10
570

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....