Çoganly şäherçesinde täze kottejler toplumy açyldy

  • 21.11.2020 19:13
  • 11k+

Aşgabadyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan täze kottejler toplumy açyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, toplumyň çägine girip, dolandyryş binasyna baryp gördi. Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna Içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Döwlet Baştutany jaýlaryň birine baryp gördi hem-de öý eýesiniň jaýyň içki abadançylygy, amatlylygy hem-de bezegi baradaky pikiri bilen gyzyklandy.

Bu kaşaň jaýlarda mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň ruhunda baýramçylyk, maşgala çärelerini guramak, myhmanlary kabul etmek, toýlary we sadakalary, beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle ýaşaýyş jaýlary gurlanda, ýaşaýyş-durmuşyň däp bolan ýörelgeleriniň aýratynlyklary hem-de ýaşaýjylaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulýar. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig maldan öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Maşgalabaşy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň polisiýa bölüminiň gözegçisi Röwşen Agaýew jaýa ýanaşyk 8 sotok mellek ýerinde bolsa hojalygy ýöretmek, gök ekerançylyk ýa-da bagçylyk bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň bardygyny gürrüň berdi.

düýn 16:46
8.2k+

2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat

2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi  ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi...

düýn 16:17
1k+

Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi...

düýn 11:32
1.2k+

Gmail maglumatlary ýitirmezden elektron poçta salgysyny üýtgetmäge mümkinçilik berer

Google ulanyjylara öz akkauntlaryny ýa-da maglumatlaryny ýitirmezden, Gmail elektron poçta salgylaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän funksiýany girizip başlady. Bu barada kompaniýanyň goldaw sahypasyndaky täzelenen mümkinçilikleriň sanawynda habar berilýär...

düýn 11:26
1.6k+

Türkmençe-parsça gepleşik sözlügi we jemgyýeti öwreniş boýunça okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplary çapdan çykdy. Täze neşirleriň biri «Türkmençe-parsça gepleşik sözlügidir». Bu gollanmanyň...