Seulda koronawirusyň üçünji tolkunynyň başlanandygy hasaba alyndy

  • 20.11.2020 23:41
  • 15k+

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda koronawirus ýokanjynyň üçünji tolkuny başlandy diýip, Saglygy goraýyş we sosial üpjünçilik ministrliginiň wekili Ýun The Ho habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Biz häzirki wagtda paýtagtda ýokanjyň üçünji tolkuny dowam edýär diýip hasaplaýarys” – diýmek bilen, ol dörän ýagdaý bilen baglylykda häkimiýetleriň sosial araçäk derejesini ýokarlandyrmaly bolýandygyny aýtdy.

Häzir Seulda we Kwanjuda sosial araçäk derejesi 1,5 metre çenli artdyryldy. Günorta Koreýada eýýäm birnäçe gün bäri 300-den gowrak COVID-19 ýagdaýy bellige alynýar. Seulda geçen bir günüň dowamynda 218 koronawirus ýagdaýy ýüze çykaryldy, bu awgust aýynyň başyndan bäri iň ýokary görkeziji bolup durýar. Umumy alanyňda, pandemiýa başlaly bäri ýurtda 30 017 kesel ýagdaýy hasaba alyndy.

Respublikanyň premýer-ministri Çon Se Gýun raýatlary jogapkärli bolmaga we köpçülikleýin çäreleri, şol sanda adaty Täze ýyl oturylyşyklaryny geçirmekden ýüz öwürmäge çagyrdy.

Belläp geçsek, 13-nji noýabrdan Günorta Koreýada jemgyýetçilik ýerlerinde we ulaglarda gorag örtüginiň ýoklugy ýa-da onuň nädogry dakylandygy üçin raýatlara jerime salnyp başlandy. Ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky kanuna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, jerimäniň mukdary 100 müň wona (95 dollar) barabar.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....