«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk görülýär

  • 20.11.2020 17:53
  • 3.5k+

Ýakyn günlerde 13-nji “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumy geçiriler. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew foruma taýýarlyk görmek boýunça onlaýn duşuşyga gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlise şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. 

Duşuşygyň barşynda nobatdaky Forumyň gün tertibi, şol sanda tematik sessiýalaryň mazmuny barada pikir alşyldy. Türkmen tarapynyň energetika, durnukly ulag, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, ekologiýa, lukmançylyk we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar boýunça işjeň gepleşikleriň we iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi baradaky gyzyklanmasy beýan edildi.

düýn 15:51
2.9k+

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Gwangju şäherinde serginiň açylyşyna gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy...

düýn 15:45
1.4k+

Türkmenistanyň we Gazagystanyň oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy 37,5% artdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy dokuz aýda $103 million dollara ýetdi. Ösüş 37,5% boldy diýip, Orient Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär...

düýn 15:26
804

Maşatda YHG-nyň “ECO Heritage” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynda (Maşat şähri) Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, brifing geçirildi. Baş konsullykda habar...

düýn 12:41
2.2k+

Türkmenistan Adwokatlaryň Milli hünär assosiasiýasyny döretmek ugrunda iş alyp barýar

Türkmenistanda Adwokatlaryň milli hünär assosiasiýasyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu mowzuk 21-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen we ýuridik kömek ulgamyny ösdürmäge hem-de adam hukuklaryny goramakda aklawçylaryň roluny güýçlendirmäge bagyşlanan tegelek stoluň merkezi meselesi boldy...