Russiýa «Sputnik V» sanjymyny tassyklatmak üçin BSGG-e ýüz tutdy

  • 20.11.2020 12:43
  • 6.1k+

Koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymyny öndürijiler şahadatnama almak maksady bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna ýüz tutdular. Bu barada guramanyň Russiýadaky wekili Melita Wuýnowiç habar berdi. Muny lenta.ru ýetirýär.

“Biz “Sputnik V” sanjymynyň Ženewa, BSGG-niň ştab-kwartirasyna tassyklamak üçin tabşyrylandygyny bilýäris” – diýip, Wuýnowiç aýdýar.

Ol guramanyň heniz COVID-19-a garşy ýeke sanjymy hem goldamandygyny, sebäbi derman serişdeleriniň ilki öz ýurtlarynda, soň halkara derejesinde baha beriş ulgamyndan geçmelidigini aýtdy: “Bu pandemiýa ýagdaýynda edilýän şertli tassyklama. Ýurtdaky sanjymlaryň hemmesi şeýle tassyklamadan geçmeli, RF-de “Sputnik V” sanjymyny öndürijiler BSGG-niň ştab-kwartirasyna şahadatnama almak üçin eýýäm ýüz tutdular”.

Guramanyň wekili sanjymyň pandemiýany ýeňip geçmäge kömek etjekdigini, ýöne adamlaryň wirus bilen kesellemegini bes etmejekdigini, çünki “sanjymyň bejermän, diňe duýduryş berýändigini” belledi. Mundan başga-da, ol öz ýurdundaky öndürilýän sanjymy aljakdygyny aýtdy.

“Eger-de men Russiýada bolsam, onda şu ýerde sanjym alaryn. Eger-de Serbiýada, öýde bolsam, şol ýerde bar bolan sanjymy alaryn” – diýip, ol belleýär.

Belläp geçsek, häzir “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglary Russiýada, Hindistanda, Braziliýada we beýleki döwletlerde geçirilýär.

düýn 17:33
1.8k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler. Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär...

düýn 10:34
2k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

06.07.2025 20:51
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...

06.07.2025 20:34
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B...