Barak Obamanyň kitaby ABŞ-da satuw rekordyny goýdy

  • 19.11.2020 23:27
  • 10k+

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obamanyň A Promised Land (“Wada berlen mekan”) atly ýatlamalarynyň birinji jilti satuwyň ilkinji gününde rekord goýdy. Penguin Random House neşirýatynyň maglumatlary boýunça, deslapky sargyt edilenler bilen birlikde 887 müň nusga satyldy. Bu barada mk.ru habar berýär.

Neşirýat kompaniýasy üçin ozalky rekord Barak Obamanyň aýaly Mişeliň “Bolmak” (Becoming) kitaby tarapyndan goýuldy (satuwyň ilkinji gününde 725 müň nusga).

Neşirýatçylar jenap Obamanyň kitabyny ýüzlerçe müň adamyň öňünden sargyt edendigini aýdýarlar. ABŞ we Kanada üçin häzir jemi 3,4 mln nusga çap edildi. CNN teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Waşingtondaky bir kitap dükany sişenbe güni gije kitap satmak üçin ýörite açyldy.

“Wada berlen mekanyň” birinji jilti 768 sahypadan ybarat bolup, 25 dile terjime edildi. Penguin Random House Obamanyň ýatlamalaryny 2017-nji ýylda neşir etmek hukugyna eýe boldy. Ylalaşygyň bahasy, takmynan, 60 mln dollardan geçdi.

Ýatlap geçsek, Barak Obamanyň prezidentliginden soň ýazan kitabynyň birinji jilti 17-nji noýabrda çykdy. Mundan ozal onuň awtorlygynda iki kitap – 1995-nji ýylda “Kakamyň arzuwy” (“Dreams From My Father”) we 2006-njy ýylda “Umydyň tekepbirligi” (“Audacity of Hope”) neşir edildi.

şu gün 10:04
1.6k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

şu gün 09:57
698

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

düýn 17:42
2.1k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

düýn 17:28
2.1k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...