“Wektor” merkezi koronawirusa garşy ýene üç sanjymy döreder

  • 18.11.2020 23:19
  • 5.4k+

“EpiWakKorona” sanjymyny döreden “Wektor” döwlet merkezi koronawirusa garşy ýene üç derman serişdesini taýýarlar diýip, Rospotrebnadzoryň metbugat gullugyna salgylanyp, lenta.ru ýetirýär.

Edara derman serişdeleriniň COVID-19-yň öňüni alyjy hökmünde saýlanandygyny, olaryň häzir synaglaryň dürli tapgyryndadygyny aýtdy.

Olaryň arasynda peptid sanjymy, wezikulýar stomatit wirusyna esaslanýan rekombinant sanjymy, A dümew wirusyna esaslanýan rekombinant sanjymy, gyzamyk wirusyna esaslanýan rekombinant sanjymy bar.

Häzirki wagta çenli Russiýada COVID-19-a garşy iki sanjym hasaba alyndy. Olaryň ilkinjisi “Sputnik V” boldy. 14-nji oktýabrda prezident Wladimir Putin “Wektor” merkeziniň “EpiWakKorona” sanjymynyň bellige alnandygyny habar berdi. Ýurtda üçünji sanjym hem taýýarlanýar, bu iş bilen Çumakowa adyndaky merkez meşgullanýar. Köpçülikleýin önümçilige 2021-nji ýylyň fewralynda başlamak meýilleşdirilýär.

düýn 11:19
2.6k+

Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy

Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar...

düýn 11:09
5.4k+

Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady...

düýn 10:58
1.8k+

Samsung saglyk datçikleriniň uly toplumy bilen smart-sagatlarynyň täze hataryny görkezdi

Galaxy Unpacked 2025 çäresinde Samsung kompaniýasy akylly sagatlaryň täze neslini hödürledi – Galaxy Watch8, Watch8 Classic we Watch Ultra (2025). Esasy model Galaxy Watch8 40 mm we 44 mm korpusly wersiýalarda elýeterli bolar...

09.07.2025 20:08
1.8k+

Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň...