Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar

  • 16.11.2020 21:04
  • 3.3k+

Ýaponiýanyň premýer ministri Ýosihide Suga iş sapary bilen ýurda gelen Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) başlygy Tomas Bah bilen gepleşik geçirdi diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

“Bu duşuşykda biz geljek tomusda Ýaponiýada Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek islegimiz we ynamymyz bilen doly ylalaşdyk” – diýip, Tomas Bah duşuşykdan soň aýtdy. Ol HOK-nyň “şol wagta çenli sanjym elýeterli bolsa” türgenlere sanjym edilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine wada berdi. “Bilelikde biz bu Olimpiýa oýunlaryny hem-de olimpiýa alawyny tuneliň ahyryndaky yşyk edip bileris” – diýip, ol sözüni jemledi.

Ýaponiýanyň premýer ministri öz gezeginde tomusky oýunlary “adamzadyň wirusy ýeňendiginiň subutnamasy” hökmünde geçirmegi ýüregine düwendigini aýtdy.
Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary şu ýyl 24-nji iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçirilmelidi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň tomsuna süýşürildi. Indi ýaryşlar 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda geçirilmeli. Muňa garamazdan, Olimpiýa oýunlary “Tokio – 2020” adyny saklady.

düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
2.5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.1k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....