«Altyn Asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy

  • 15.11.2020 20:41
  • 8.3k+

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary ýedinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.
Topar myhmançylykda  paýtagtymyzň «Köpetdag» toparyndan  üstün çykyp, ýaryşyň gutarmagyna üç tapgyr galanda öňdeligi üpjün etdi.
Duşuşykda «aragatnaşykçylar» 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri sanawdaky ikinji topar bolan «Ahaldan» 15 utuk öňde barýar.
«Altyn Asyr» klubunyň futbolçylary 2014-nji ýyldan bäri altyn medallary sypdyrman gelýärler. Çempionlyklaryň sany boýunça topar «Köpetdagdan» öňe geçip, ýurtda iň meşhur klub boldy.
Geljek ýyl «Altyn Asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar.

düýn 17:49
7.9k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.3k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.5k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...