14-nji noýabr – Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni

  • 14.11.2020 16:19
  • 7.9k+

Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni 1991-nji ýyldan bäri her ýyl bellenilýär. Bu kesel häzirki wagta çenli dünýädäki iň howply keselleriň biri hasaplanylýar.

Bu sene Halkara diabet federasiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan döredildi, diýip riafan.ru belläp geçýär. Alymlaryň 14-nji noýabry Süýji kesele garşy göreşmegiň güni diýip almagynyň hem sebäbi bar. Şol günde insulini açanlaryň biri bolan lukman Frederik Banting dogulýar.
Bütindünýä süýji kesele garşy göreş gününiň adaty nyşany gök reňkli tegelekdir. Bu şekil ýaşaýşy we saglygy, gök reňk bolsa ähli adamlary birleşdirýän asman nusgasyny aňladýar.
Diňe geçen ýyl dünýäde süýji keselli 425 milliondan gowrak adam ýüze çykaryldy. Statistika bu keseli bolan her ikinji adamyň ýagdaýyndan bihabardygyny görkezýär. Süýji kesel hroniki häsiýete eýe bolup, organizmde insulin ýetmezçilik eden ýagdaýynda güýçlenýär. Bu madda aşgazanasty mäzi bilen öndürilýär. Insulin ganda glýukozanyň düzümini kadalaşdyrýan gormondyr.
Süýji keseliniň iki görnüşi bar. Birinji görnüşli süýji keseliniň alamatlary, köplenç, duýdansyz ýüze çykýar, bu onuň has howply bolmagyna getirýär. Ikinji görnüşli süýji keseli aşa semiz we fiziki hereketsiz adamlar üçin häsiýetlidir. Bu ýagdaýda kesel alamatlary birinji görnüşe garanyňda, gowşakdyr. Kesel ýagdaýynyň 90%-i ikinji görnüşli süýji keseliniň paýyna düşýär.
Süýji keseliniň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, dogry iýmitlenmek we fiziki işjeňligi saklamak möhümdir.
Belläp geçsek, insulini açandygy üçin Banting Nobel baýragy bilen sylaglandy. Bir ýyldan soň alym süýji keseli bolan 14 ýaşly oglanjygyň ömrüni sanjym bilen halas etdi.

20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......