Futbol boýunça Ýewropa çempionatyna gatnaşyjylar belli boldy

  • 13.11.2020 20:29
  • 8.4k+

2020-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilip, soňra 2021-nji ýyla yza süýşürilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň esasy gatnaşyjylary kesgitlenildi. Ýaryşyň final oýunlaryna 24 topar gatnaşar diýip, championat.com habar berýär.

Ýewro-2020-niň toparçalarynyň soňky ýagdaýy şeýle:
A toparça: Türkiýe, Italiýa, Uels, Şweýsariýa;
B toparça: Daniýa, Finlýandiýa, Belgiýa, Russiýa;
C toparça: Gollandiýa, Ukraina, Awstriýa, Demirgazyk Makedoniýa;
D toparça: Angliýa, Horwatiýa, Şotlandiýa, Çehiýa;
E toparça: Ispaniýa, Şwesiýa, Polşa, Slowakiýa;
F toparça: Wengriýa, Portugaliýa, Fransiýa, Germaniýa.

Ýewropa çempionaty aslynda 2020-nji ýylyň 12-nji iýunyndan 12-nji iýuly aralygynda geçirilmelidi, ýöne UEFA koronawirus pandemiýasy sebäpli ýaryşy indiki tomsa çenli yza süýşürdi. Bäsleşikler 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda 12 şäherde geçiriler.

şu gün 20:55
1.1k+

UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi

2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer. AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener...

şu gün 18:17
4.3k+

FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Türkmenistan iki orun ýokary galdy

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy. Indi topar 1092,4 bal (+16,27) bilen 140-njy orny eýeleýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sanawdaky ornuny ýokarlandyrmaga 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýnundaky ýeňiş kömek etdi: 10-njy iýunda topar Tailandyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy...

şu gün 15:46
3k+

“Red Bull” “Formula-1-iň” toparynyň ýolbaşçysyny Werstappen bilen dawadan soň işden çykardy

Kristian Horner “Red Bull Reýsing” toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy we baş direktoryň wezipe borçlaryndan boşadyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, britaniýalynyň işden çykarylmagynyň sebäbi onuň toparyň esasy sürüjisi Maks Werstappen bilen uzaga çeken dawasy we häzirki möwsümde şowsuz netijeler boldy...

şu gün 14:09
7.2k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär...