"Honda" öz-özüni dolandyryp bilýän awtoulaglary satuwa çykarmaga hyýallanýar

  • 12.11.2020 23:45
  • 12k+

Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrmagyň üçünji derejesine laýyk gelýän awtoulaglary satyp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

Ýaponiýanyň Döwlet ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi sürüjisiz dolandyrmak üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Legend premium” sedany üçin howpsuzlyk şahadatnamasyny berdi.
Awtomatlaşdyrmanyň üçünji derejesinde awtoulag belli bir şertlerde sürüji gatnaşmazdan hereket edip bilýär, mysal üçin, awtoulag ýolundaky akymda tormoz berýär, tizligi artdyrýar ýa-da haýal ulaglary ozup geçýär... Ýöne ruluň başyndaky adam şonda-da ýola gözegçilik etmeli we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga taýyn bolmaly. Şeýle-de bolsa, “Hondanyň” bu modelleriniň tizligi çäkli bolar.
Awtoulag inženerleri jemgyýeti (SAE) ulagyň awtomatlaşdyrmasyny alty derejä bölýärler, bu ýerde nol - awtomatlaşdyrmanyň ýokdugyny aňladýar (ähli işleri sürüjiniň özi edýär), bäşinji dereje bolsa doly awtomatlaşdyrmany aňladýar (sürüjilik işine gönüden-göni goşulmak talap edilmeýär).
Amerikan elektrik awtoulag öndürijisi Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask ozal 5-nji dereje standartlaryna laýyk gelýän doly awtomatlaşdyrmaly awtoulagy döretmek meýliniň bardygyny yglan etdi.

şu gün 09:56
1.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....