“Barselona” maliýe kynçylyklary sebäpli gyşky transferden ýüz öwürdi

  • 12.11.2020 19:24
  • 5.9k+

“Barselona” gyşky transfer penjiresinde kluba täze futbolçylary satyn almaga mümkinçilik bermeýän düýpli maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu barada sovsport.ru belläp geçýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, ýanwarda iň bolmanda bir futbolçy bilen şertnama baglaşmak üçin Ronald Kumanyň topary ilki kimdir birini satmaly bolýar.
“Marca” gazeti kataloniýalylara şikes sebäpli birnäçe aý oýna gatnaşyp bilmeýän Ansu Fatiniň ornuny çalşyrjak merkezi goragçynyň we hüjümçiniň gerekdigini habar berýär. Gyşda bu orunlaryň güýçlenmegini üpjün etmek üçin ýolbaşçylar esasy toparyň oýunçylaryndan aýlyk haklaryny 30 göterim azaltmaga razy bolmagy haýyş etdiler.
Şeýle-de, geçen tomusda “Barselonanyň” esasy transfer maksatlarynyň biriniň Memfis Depaý bolandygy bellenilýär, ýöne hut maliýe kynçylyklary sebäpli oýunçy “Lionda” galdy. 2021-nji ýylyň tomsunda futbolçy erkin agent bolar.
Ýatlap geçsek, ispan La Ligasynyň dokuz tapgyryndan soň “Barselona” 11 utuk gazanyp, turnir tablisasynda sekizinji orunda ýerleşýär. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda kataloniýalylar turniriň başynda üç oýunda hem ýeňiş gazandylar.

düýn 23:49
1k+

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......