Alibabanyň girdejisi “Sallahyň gününde” 56 milliard dollardan geçdi

  • 12.11.2020 14:05
  • 10k+

Adatça Hytaýda köpçülikleýin satuw bilen bellenýän “Sallahlar gününde” Alibaba Group internet meýdançasynda (Taobao.com, Tmall, Alibaba.com we beýlekiler) satuw 372,3 mlrd ýuandan ($56 mlrd) geçdi. Bu barada kommersant.ru habar berýär. Eger-de aksiýa hemişekisi ýaly diňe 11-nji noýabrda geçen bolsa, bu kompaniýa üçin rekord bolardy. Ýöne bu ýylda onlaýn-riteýler ony 1-nji noýabrdan 12-nji noýabra çenli geçirmek kararyna geldi, ýokarda görkezilen mukdar bolsa 11 günüň dowamyndaky satuwyň netijesi.

Kompaniýa şu güne çenli 13 brendiň satylan harytlarynyň 1 mlrd ýuan çäginden (151,4 mln dollar) geçendigini belleýär. Ýene 342 brend önümlerini 100 mln ýuandan (takmynan, 15 mln dollar) gowrak satdylar. Alibaba internet meýdançasyndaky daşary ýurtly alyjylaryň köpüsi ABŞ-dan, Russiýadan we Fransiýadan.
Güýçli satuw hasabatyna garamazdan, Alibabanyň paýnamalarynyň bahasy şu gün 9,8% pese gaçdy. Bu Bazary kadalaşdyrmak boýunça döwlet edarasy (SAMR) tarapyndan Hytaýyň internet-kompaniýalary üçin monopoliýa garşy täze talaplaryň taslamasynyň neşir edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Hytaýda “Sallahlar güni” ýa-da “Bütindünýä söwda güni” hökmünde tanalýan satuw güni 2009-njy ýyldan bäri Alibaba internet meýdançasynda 11-nji noýabrda geçirilýär. Bu günde 24 sagadyň dowamynda dükanlar kompaniýanyň ähli onlaýn söwda meýdançalarynda bahalary ep-esli arzanladýarlar.
2019-njy ýylda Alibaba tarapyndan gurnalan global satuw täze rekordy goýdy: gatnaşyjy kompaniýalaryň umumy satuw mukdary 268,4 mlrd ýuana ($38,4 mlrd töweregi) barabar boldy, bu 2018-nji ýyldaky görkezijiden 26% köpdür.

01.07.2025 18:45
3.8k+

Forbes üstünlige özbaşdak ýeten iň baý 50 zenanyň sanawyny hödürledi

Forbes žurnaly karýerasyny özbaşdak guran dünýäniň iň baý 50 zenanynyň sanawyny hödürledi. Sanawa girmek üçin zenanlaryň baýlygy azyndan 2,1 mlrd dollar bolmalydy. Reýtingde birinji orny Şweýsariýadan 80 ýaşly Rafaela Aponte-Diamant eýeleýär...

28.06.2025 00:45
12k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
13k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

27.06.2025 17:14
12k+

Dünýäniň iň baý adamlary 10 ýylda 33,9 trillion dollar baýady, iň garyp adamlary bolsa bergä batdylar

2015-nji ýyldan bäri dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy häzirki aňlatmada 33,9 trillion dollar artdy. Muňa Oxfam-yň BMG-nyň Sewilýada geçýän ösüşi maliýeleşdirmek baradaky konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýaýradan täze hasabaty şaýatlyk edýär...