Deputatlar COVID-19 döwründe ynamy berkitmekde internetiň ornuny maslahatlaşdylar

  • 11.11.2020 12:08
  • 5.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän "Parlament tegelek stoluna" gatnaşdylar. Şu ýyl onuň on bäşinji maslahaty boldy.

IGF — 2020 Parlamentara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan çärä adamlaryň durmuş we abadançylyk şertlerini, hususan-da, COVID-19 döwründe ynamy pugtalandyrmak hem-de ondan soňra dikeltmek usullary arkaly gowulandyrmakda internet tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, dünýäniň ähli künjeklerinden parlament agzalary ýygnandylar.
Duşuşygyň barşynda durmuş dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumat tehnologiýalarynyň orny nygtaldy. IT-tehnologiýalaryň peýdalanylmagy adamlaryň häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmak işlerini gowulandyrmakda möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şu ýyl Interneti dolandyrmak boýunça forumyň her ýylky maslahaty “Adam durnuklylygy we raýdaşlygy üçin Internet” diýen umumy at bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilýär.

düýn 10:51
805

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......