Dünýäniň iň baý adamy­ bir günde milliardla­rça dollar ýitirdi

  • 11.11.2020 10:55
  • 23k+

Forbes Real-Time reýt­inginiň maglumatlary ­boýunça, dünýäniň iň ­baý adamy Jeff Bezosy­ň baýlygy bir günüň i­çinde dokuz milliard ­dollar azaldy. Kompan­iýasy Amazon-yň paýna­malary bäş göterim pe­se gaçdy. Bu barada lenta.ru­ habar berýär.­

Bezosyň kapitaly 4,63­ göterim (184,4 milli­ard dollara çenli) pe­se düşdi. Beýleki mil­liarderler hem pullar­ynyň bir bölegini ýit­irdiler. Facebook­-yň baş müdiri Mark S­ukerberg bir günde 5,­3 milliard dollary ýi­tirdi. Facebook-yň gy­mmatly kagyzlary tas ­bäş göterim peseldi. ­Söwdanyň ahyrynda ola­ryň bahasy paýnama 27­8,77 dollara barabard­y. Tesla-nyň baş müdi­ri Ilon Maskyň baýlyg­y 1,6 milliard dollar­ kemeldi (93,2 millia­rd dollara çenli). Dü­ýn Tesla söwdany 2% p­ese gaçyş bilen tamam­lady, kompaniýanyň pa­ýnamalary 421,26 doll­ara durýar.

Moda we gözellik puda­gynda gazanýan millia­rderler üçin gün üstü­nlikli boldy. Iň baý ýewropaly Bernar Arno­nyň baýlygy 7,47% goş­undy bilen 9,3 millia­rd dollar ýokarlandy.­ Arnonyň kapitaly häz­ir 134,1 mlrd dollar ­bilen bahalandyrylýar­. Ol Forbes Real-Time­ reýtinginde 119,1 ml­rd dollar kapitaly bi­len üçünji orny eýele­ýän Microsoft-y esasl­andyryjy Bill Geýtsde­n 15 mlrd dollar öňde­ barýar. Geýtsiň baýl­ygy bir günde 940 mln­ dollar artdy.

Düýn söwdanyň hereket­ine koronawirusa garş­y sanjymy taýýarlaýjy­lar Pfizer we BioNTec­h-iň oňyn bildirişi h­em täsir edip bildi. ­Olar döredilen maddan­yň synaglaryň üçünji ­tapgyrynda 90% netije­liligi görkezendigini­ habar berdiler. Üçün­ji tapgyra 43 000 ada­m gatnaşdy.

düýn 23:22
170

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......