Türkmenistanda üstaşyr daşary ýurt ýük daşamalarynyň tölegleri kesgitlenildi

  • 10.11.2020 20:50
  • 13k+

Türkmenistanda Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat Ylalaşygyna we Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) agza döwletlerden bolan ýük tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýeleri üçin ýygymlar we tölegler kesgitlenildi.

"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabry aralygynda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende tölegleriň mukdary - 150 amerikan dollary, onuň çäginden üstaşyr geçirilende daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda bolsa 100 amerikan dollary olaryň eýelerinden alynýar.
Ýygymlar we tölegler ygtyýarly banklar tarapyndan alnar hem-de Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasyna geçiriler.
Degişli tölegler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 3-nji noýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda kesgitlenildi.

düýn 23:00
3.2k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......

27.04.2026 19:03
3.1k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

27.04.2026 15:32
3.2k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

27.04.2026 11:35
1.8k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......