Aşgabatda 34-nji we 37-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşme girizildi

  • 10.11.2020 20:38
  • 9.1k+

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, 34-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” we 37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” awtobus ugurlaryna käbir üýtgeşmeleriň girizilýändigini ýolagçylara habar berdi.

34-nji awtobus ugry “Wokzal” belleniş nokadyndan badalga alyp, «Kemine köçesi – Türkmenbaşy şaýoly – Ýunus Emre köçesi – Ankara köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – “Berkarar” söwda-medeni dynç alyş merkezi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – Türkmenbaşy şaýoly – Arçabil şaýoly – Atatürk köçesi – Endokrinologiýa merkezi – Atatürk köçesi – Arçabil şaýoly – 1970-nji köçe - Kardiologiýa merkezi» ugry boýunça hereket eder.
Yzyna «Kardiologiýa merkezi – 1970-nji köçe - Arçabil şaýoly – Milli Olimpiýa sport toplumy – Arçabil şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly - “Wokzal” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.

37-nji awtobus ugry “Wokzal” belleniş nokadyndan badalga alyp, «Kemine köçesi – Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – Arçabil şaýoly – Atatürk köçesi – Endokrinologiýa merkezi – Atatürk köçesi – Arçabil şaýoly – 1970-nji köçesi – Kardiologiýa merkezi» ugry boýunça hereket eder.
Yzyna «Kardiologiýa merkezi – 1970-nji köçesi – Arçabil şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – “Berkarar” medeni dynç alyş merkezi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – Ankara köçesi – Ýunus Emre köçesi – Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly – “Wokzal” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312443391.

düýn 22:06
521

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
5.4k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
3.2k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
4.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....