Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda Hasyl toýy bellenildi

  • 09.11.2020 18:44
  • 5.1k+

Düýn tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy paýtagtymyzdaky dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.

Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar bar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Hasyl toýunyň öňüsyrasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan beýleki ekerançy hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde ýokary hasyl ussatlarynyň şanly zähmetleriniň hormatyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleriň sergisi guraldy.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Paýtagtymyzyň aýlawynda guralan Hasyl toýy milli dabaralara bagyşlanyp geçirilen at çapyşyklar bilen dowam etdi. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.

şu gün 23:45
0

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

şu gün 20:40
1.1k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

şu gün 20:25
3.6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 20:02
3.8k+

Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä,......