Türkmenistan Gazagystanyň portlary arkaly Gara deňze çykar

  • 08.11.2020 16:00
  • 11k+

Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran Gazagystanyň portlarynyň we gämi gatnawy kompaniýalarynyň üsti bilen, Gara deňze çykar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Senaty Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza döwletler tarapyndan gol çekilen "Gämi gatnawy boýunça Şertnamany tassyklamak hakyndaky" kanunyny kabul etdi diýip, Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Habar beriş serişdeleri Senagat we infrastruktura ösüşi ministriniň orunbasary Berik Kamaliýewiň sözlerine salgylanyp, gämi gatnawy boýunça şertnamanyň taraplaryň içerki suw ýollarynda gämileriň üstaşyr geçmegine rugsat beriş tertibini ýönekeýleşdirýändigini aýtdy. Hususan-da, üstaşyr geçiş baradaky arzalary gözden geçirmegiň möhleti 10 güne çenli azaldyldy we bu arza Russiýanyň Transport ministrligi tarapyndan serediler. Rugsat Russiýa tarapyndan berilýär, sebäbi gämileriň üstaşyr ýüzüşi mümkin bolan içerki suw ýollary diňe Russiýa Federasiýasynda bar. Rugsadyň alynmagy 3 aýdan 6 aýa çenli dowam edýär.
Kamaliýew Russiýanyň içerki suw ýollaryndan geçmegi diňe gazak kompaniýalarynyň aňsatlaşdyryp biljekdigini düşündirdi we bu meselede Ýewraziýa Bileleşigine girmeýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Gazagystanyň daşaýjylaryndan peýdalanmak bilen, (Kazmortransflot, OMS ugratmak) Hazaryň portlaryndan Gara deňziň portlaryna haryt daşamaga isleg bildirýändigini aýtdy. Ol munuň Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlarynyň üstaşyr potensialyny ep-esli ýokarlandyrjakdygyny belledi.

"Şoňa laýyklykda, şertnamanyň kabul edilmegini göz öňünde tutup, 2025-nji ýyla çenli Russiýanyň suw ýollaryndan üstaşyr gatnawyny ýylda 250-300 müň tonna çenli artdyrmak mümkin" -diýip, Kamaliýew nygtady.

şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 17:16
2.4k+

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...