Türkiýe koronawirusa garşy sanjymynyň synaglaryna başlady

  • 06.11.2020 14:27
  • 7.7k+

Türkiýede ERUCOV-VAC atly koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyry başlandy diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň başlygy Fahrettin Koja aýtdy. Bu barada russian.rt.com belläp geçýär.

“Türkiýede koronawirusa garşy döwlet sanjymyny adamlarda synagdan geçirmäge başladyk. Sanjymyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyry Erjiýes uniwersitetinde (Kaýseri şäherinde) geçirilýär” – diýip, ol žurnalistlere aýtdy. Ministriň sözlerini RIA Nowosti getirýär.

Sanjymyň synaglaryny indiki ýylyň ýanwaryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
Kojanyň belleýşi ýaly, Türkiýede koronawirus pandemiýasy ikinji gezek ýokary derejesine ýetdi. Çarşenbe güni ýüze çykarylan koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň sany 2391-e barabar boldy, bu hem aprel aýynyň ahyryndan bäri iň uly görkezijidir.
Sentýabryň başynda Türkiýe Russiýanyň COVID-19-a garşy sanjymynyň synaglarynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Taraplar hyzmatdaşlyga we COVID-19-a garşy sanjymy döretmek hem-de derman serişdelerini öndürmek boýunça bilelikde işleşmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

şu gün 18:05
712

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......