Türkmenistan teleradio enjamlaryny satyn almak boýunça «Sony» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

  • 06.11.2020 13:33
  • 10k+

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki «Sony Middle East And Africa FZE» kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:23
616

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....