10 aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8%-e deň boldy

  • 06.11.2020 12:30
  • 3k+

2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 5,8 % artdy. Bu barada, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýy barada wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 % köpeldi.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 % ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 %, çykdajy bölegi bolsa 87,4 % ýerine ýetirildi.
On aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 % köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam etmelidigini belläp, hususylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutany kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini düýpli seljermegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bellenen meýilnamalary gysga möhletde ýerine ýetirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden işjeň peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......