"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi

"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we "PSŽ-niň" hüjümçisi Kilian Mbappe 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Sanaw "Forbes" žurnaly tarapyndan düzüldi diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Neşirde aýdylmagyna görä, Kilian Mbappeniň transfer bahasy rekord derejede 183 million ýewro diýlip çaklanylýar. Ikinji orunda Madridiň "Atletikosynyň" portugaliýaly hüjümçisi Žoau Feliks (104 million ýewro) ýerleşdi. Üçünji orny bolsa “Çelsiniň” nemes oýunçysy Kaý Hawertz (98 million) eýeledi.
21 ýaşa çenli iň gymmat 10 futbolçynyň sanawy şulardan ybarat:
Kilian Mbappe (Fransiýa, "PSG") - 183,3 million ýewro;
Žoau Feliks (Portugaliýa, "Atletiko") - 104 million;
Kaý Hawertz (Germaniýa, "Çelsi") - 98 million;
Alfonso Deýwis (Kanada, "Bawariýa") - 88,3 million;
Matteýs De Ligt (Gollandiýa, "Ýuwentus") - 86,8 million;
Jeýdon Sanço (Angliýa, Dortmundyň "Borussiýasy") - 86,6 million;
Erling Holand (Norwegiýa, Dortmundyň "Borussiýasy") - 68,3 million;
Aşraf Hakimi (Marokko, "Inter") - 66,3 million;
Wiktor Osimhen (Nigeriýa, "Napoli") - 63 million;
Ferran Torres (Ispaniýa, "Mançester Siti") - 57,7 million.