Türkmen hünärmenleri «Demografik çaklama» atly okuw maslahatlarynyň tapgyrlaryna gatnaşdy

  • 01.11.2020 16:36
  • 4.9k+

Ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde guralan «Demografik çaklama» atly okuw maslahatlarynyň tapgyrlaryna gatnaşdylar.

Okuw maslahaty Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň (Russiýa Federasiýasy) esasy hünärmenleriniň çykyşlaryny hem-de tejribe sapaklaryny öz içine aldy.
Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri çagyryldy.

şu gün 12:18
1k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
2.1k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
1.2k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
2.3k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...