Google 2025-nji ýyla çenli plastiklerden saplanar

  • 30.10.2020 15:14
  • 9.1k+

Google "demir" önümleriniň gaplanyşynda plastikleri ulanmakdan ýüz öwürmekçi. Ol 2025-nji ýyla çenli plastiklerden doly saplanar diýip, gözleg hyzmatynyň resmi blogynda aýdylýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Korporasiýa bu meselede diňe gaplamada plastiklerden gutulmak bilen çäklenmekçi däl. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda tanyşdyrdylan “Pixel 5” smartfonynyň yzky paneli gaýtadan işlenen alýuminden, akylly ses çykaryjy “Nest Audio” bolsa 70 göterim gaýtadan işlenen plastmassadan ýasalan.
5 ýyldan soň Google-yň enjamlarynda ýarysyna çenli gaýtadan işlenen galyndylardan döredilen plastmassa ulanylar. Akylly enjamlaryň gaplary hem gaýtadan ulanyp bolýan materiallardan ýasalar.

şu gün 14:08
1.1k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

şu gün 14:06
278

Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy

Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň...

şu gün 13:52
369

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

şu gün 13:42
1.8k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...