Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, parlamentiň agzalary “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda”, “Konsullyk gullugy hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.
Deputatlar “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryny-da ara alyp maslahatlaşdylar.
Bulardan başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.