Türkmenistanyň Mejlisi III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmaga çakylyk aldy

  • 24.10.2020 17:26
  • 4.2k+

Düýn Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmagyna çakylyk hem beýan edildi. Bu forum 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ählumumy korporasiýalaryň, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşar.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegini hem-de ýurtda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ädim hökmünde möhüm ähmiýetli konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagyny mübärekledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň işini guramakda üstünlikler arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda pandemiýa meselesine hem deglip geçildi. Taraplar howply ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, şol sanda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa arkaly berkitmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......