Döwletjan Ýagşymyradow karýerasyny UFC-de dowam etdirip biler

  • 24.10.2020 09:42
  • 31k+

Garyşyk başa-baş göreş boýunça söweş sungatynyň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow Ultimate Fighting Championship (UFC) bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada türkmen türgeni MMATIKA ýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Häzirki wagtda Ýagşymyradow BAE-de – UFC 254 turniriniň geçiriljek ýeri bolan “Söweş adasynda”.

“ACA ligasy hem maňa örän gowy şertleri teklip etdi. Men näme üçin UFC-e goşulmak isleýärin? Sebäbi bu taryh üçin ähmiýetli. Men UFC-de çempion bolup biljek ilkinji türkmenleriň biri bolmak isleýärin. Çempion bolmaga örän gowy mümkinçiligim bar. Eger-de UFC bilen şertnama baglaşsam, gysga wagtyň içinde özümi görkezip, üstünlik gazanyp bilerin diýip pikir edýärin. Ilkinji 10-luga çenli ählisine hötde geljekdigime doly ynamym bar. Galanyny öňünden çaklap oturmaýyn, bu wagt esasy maksat – ilki bilen UFC-e girmek, galanlaryny hem görüberýäs. Iki ýylyň içinde göz öňünde tutýan derejäme ýetip bilerin diýip umyt edýärin. Meniň maksadym – çempion bolmak” – diýip, Ýagşymyradow belledi.

Ýatlap geçsek, ýarym agyr agramda Absolute Championship Akhmat-yň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow şertnamanyň möhletiniň dolmagy bilen guramadan gitdi.
Ultimate Fighting Championship ABŞ-da ýerleşýän we tutuş dünýäde garyşyk başa-baş göreş boýunça söweşleri geçirýän sport guramasydyr. UFC-niň howandarlygynda dünýä reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän MMA söweşijileriniň köpüsi çykyş edýär.
Ýagşymyradow UFC-de Türkmenistanyň ilkinji raýaty bolup biler.

şu gün 14:08
3.8k+

Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi...

şu gün 12:22
1.9k+

“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi...

şu gün 11:39
2.9k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi...

şu gün 11:18
1.4k+

“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy...