ÇL-nyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sany 36 kluba çenli artdyrylyp bilner

  • 20.10.2020 23:37
  • 5.3k+

UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 2024/25-möwsüminden başlap, 32-den 36 topara çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Toparlary hersine alty-altydan topara bölmek teklip edilýär. Ýene bir teklibe laýyklykda, 36 klub on dürli garşydaşa garşy on oýundan oýnar, toparlar ABŞ-nyň sport ligalarynda ulanylýan “Şweýsariýa ulgamyna” meňzeş bolar.
Çeşmäniň berýän maglumatlary boýunça, “Şweýsariýa ulgamy” uly meşhurlyga eýedir, şunuň bilen birlikde toparlaýyn tapgyrda üç sany garşydaş bilen iki oýundan oýnamagyny öz içine alýan häzirki görnüşi öz möwrütini ötürdi diýlip hasaplanylýar.
Bellenilişi ýaly, göz öňünde tutulýan “Şweýsariýa ulgamy” Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň arasynda has köp duşuşygy geçirmäge mümkinçilik döreder we has köp tomaşaçylary özüne çeker.
2024-nji ýyldan soň girizilmegi göz öňünde tutulýan Ýewropa klub ýaryşlarynyň düzgüni we tertibi geljek hepdelerde maslahatlaşylyp başlanar. Karar indiki ýyl kabul edilip bilner.

şu gün 11:01
4.2k+

Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi...

şu gün 09:53
3.6k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

düýn 23:17
16k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

düýn 17:21
6k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...