Hytaý prokaty 2020-nji ýylda girdeji ýygymy boýunça dünýäde iň ulusy boldy

  • 20.10.2020 12:00
  • 7.9k+

Hytaýyň kino bazary ilkinji gezek dünýäde iň ulusy boldy. Ol birnäçe wagt bäri ornuny üýtgetmän gelýän lideri – Demirgazyk Amerikany birinji orundan gysyp çykardy. Bu barada mybryansk.ru belläp geçýär.

Hytaýda kino bazarynyň jemi girdeji ýygymy 1,988 milliard dollara barabar boldy. Şeýle üstünlik karantinden soň Pekinde we beýleki şäherlerde kinoteatrlaryň gaýtadan açylmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Bu döwürde Demirgazyk Amerikada girdeji ýygymy 1,937 milliard dollara deň boldy.
Koronawirusyň Hytaýda ýüze çykandygyna garamazdan, bu ýurt beýlekilere garanda pandemiýadan çalt saplanmagy başardy we güýze çenli doly derejede diýen ýaly özüni tutdy. Ýerli kinolentalar häzir edil öňküsi ýaly gazanýarlar.
1-nji oktýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda HHR-iň döredilmeginiň şanly ýyllygy mynasybetli dynç alyş günlerinde tomaşaçylar jemi 586 million dollarlyk petek satyn aldylar. Şol aralykda “Meniň halkym, meniň Watanym” filmi prokatda 19,1 mln dollar ýygnady. ABŞ-da umumy girdeji ýygymy geçen dynç günlerinde 12,3 mln dollara golaýlapdy.
Ýerli önümçiligiň “Sekiz ýüz” atly kinolentasynda şekillendirilen Ikinji jahan urşy ýyllarynda Şanhaýyň goralyşy baradaky epizodyň ýygymy eýýäm 400 mln dollardan geçdi. “Meniň halkym, meniň Watanym” atly kinolentanyň girdeji ýygymy 400 mln dollara golaýlady.
Hünärmenler 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň kino prokaty beýleki ýurtlaryň kino bazarlaryndan ep-esli tapawut bilen öňe saýlanar diýip çaklaýarlar.

şu gün 09:33
926

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

şu gün 08:49
405

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
2.3k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
2.2k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......