HPG-niň wekilleri bilen sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 19.10.2020 23:51
  • 2.7k+

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň “Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa” atly tanyşdyryş çäresi boldy.

HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Şunda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan we häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýän koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek.

şu gün 06:14
165

Raşid Meredow YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde Pakistanyň we BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

4-nji iýulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy...

şu gün 06:08
283

Türkmenistanyň wekiliýeti Hankendi şäherinde YHG-nyň sammitinde teklipler bilen çykyş etdi

4-nji iýulda Hankendi şäherinde (Azerbaýjan) Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammiti geçirildi. Sammite daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 05:16
604

Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

3-nji iýulda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Dabara diplomatlar, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet wekilleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

şu gün 04:39
477

Stambul Sergi Merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Stambul Sergi Merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli...