Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 40 milliondan geçdi

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 40 milliondan geçdi

Duşenbe güni dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň hasaba alnan sany 40 milliondan geçdi. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu maglumatlary ABŞ-nyň Jons Hopkins uniwersiteti öz saýtynda getirýär. Bu Uniwersitet halkara guramalarynyň, federal we ýerli häkimiýetleriň maglumatlarynyň esasynda hasaplamalary alyp barýar.

Maglumatlara görä, dünýäde bu güne çenli kesellänleriň jemi sany 40 050 902-ä ýetdi, şolardan 1 113 750 adam ýogaldy, 27 503 601 adam keselden saplandy.
Kesellemek ýagdaýynyň aglabasy ABŞ-nyň çäginde hasaba alynýar (8 154 936). Ondan soňra Hindistan (7 550 273) we Braziliýa (5 224 362) barýar.