Horlanmak üçin peýdaly üç önüm

  • 16.10.2020 16:47
  • 29k+

Sohu hytaý portalynyň bir ulanyjysy, berk berhiz tutmazdan hem ep-esli agramyňdan saplanmaga kömek edýän üç önümi sanap geçdi. Bu barada RIA Novosti habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, iýmitleriň arasynda hyýar hökman bolmaly. Hyýaryň düzüminde köp mukdarda suw we iýmit dokumalary saklanýar, şonuň üçin hyýary iýeniňde, doýandygyňy duýup bolýar. Mundan başga-da, hyýar kaloriýasynyň azdygy we ýagyň ýakylmagyny çaltlaşdyrýandygy bilen bellidir.
Iýmitlik gymmaty örän ýokary bolan brokkoly hem maslahat berilýän şeýle önümleriň hatarynda. Bu gök önüm madda çalşygyny we gan aýlanyşygyny çaltlaşdyrýar. Onda doýmaga we ýagy ýakmaga kömek edýän iýmit dokumalarynyň köp mukdary saklanýar.
Horlanmak üçin peýdaly bolan ýene bir iýmit kletçatka baý bolan şüle ýarmasydyr. Ol tiz doýurýanlygy, şonuň bilen birlikde, işdäni peseltmäge ukyplydygy bilen bellidir. Ýagsyz ýogurdy şüle ýarmasyna ýanap iýseňiz dagy, naharyň tagamy-da, peýdaly täsiri-de artar. Mundan başga-da, şüle içegäni arassalamaga kömek edýär.

22.06.2026 14:18
7.2k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......