Wise-premýer Türkmenistanyň iki derejeli bank ulgamynyň işi barada aýtdy

  • 14.10.2020 10:50
  • 18k+

Häzirki wagtda Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen iki derejeli bank ulgamy netijeli hereket edýär, bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşine beren seljermesinde belleýär.
Bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.
Şeýle hem banklar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bank ulgamy iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we dolanyşyk serişdelerini üpjün etmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan fermer hojalyklaryny ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, şeýle hem senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleriniň berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak çalt depginler bilen ösdürilýär.

düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....