Çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

  • 13.10.2020 23:24
  • 28k+

Türkmenistanda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy.
Ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizlen çäklendirmeleriň möhleti 15-nji noýabra çenli uzaldyldy. Bu barada “ORIENT” habar berýär.

Bu Karara laýyklykda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun-attraksion seýilgähleriniň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendiriler.
Bu çäklendirmeler eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işine hem degişlidir.
Mundan öň, hyzmat ulgamynyň kärhanalarynyň işine girizlen çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli diýip bellenilipdi.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......