Koronawirus personal kompýuterleriň satuw derejesini ep-esli ýokarlandyrdy

  • 11.10.2020 20:04
  • 7k+

Canalys kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginde personal kompýuterler bilen üpjünçiligiň ýokary ösüşini bellige aldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Analitikler bu ösüşi köp ýurtlarda görülýän COVID-19-yň ikinji tolkuny we kompaniýalaryň işgärleri daş aralykdan işe geçirmek üçin uzak möhletli taslamalara maýa goýmagy dowam etdirýändigi bilen baglanyşdyrýarlar.
Iýuldan sentýabr aralygynda bazara 79,2 mln sany desktop, noutbuk we iş stansiýalary (şol sanda mobil telefonlary hem goşmak bolar) iberildi. Deňeşdirmek üçin getirsek: geçen ýylda bu görkeziji 70,3 milliona deň bolupdy. Şeýlelik bilen, satuwyň 12,7 göterim ösüşi hasaba alyndy, bu soňky on ýylyň içinde iň uly ösüşdir.
Bazar noutbuklaryň hasabyna giňelýär, olaryň iberiliş sany ýyllyk hasabynda 28,3% ýokarlanyp, 64 milliona ýetdi. Şol bir wagtyň özünde stolüsti ulgamlaryň segmentinde 26,0% pese gaçyş bellige alyndy.
Lenovo kompaniýasy PK-bazarynyň lideri boldy, ýöne onuň paýy bir ýylyň içinde 24,6%-den 24,3%-e çenli azaldy. Ikinji orunda paýy 23,7%-den 23,6%-e çenli azalan HP kompaniýasy ýerleşýär, üçlügi Dell jemleýär. Bu kompaniýanyň paýy 17,1%-den 15,1%-e çenli azaldy. Onuň yzyndan Apple we Acer gelýär, olaryň paýy, degişlilikde, 8,1% we 7,1% deň. Beýleki üpjünçiler bilelikde global PK-pudagynyň 21,8%-ini eýeleýärler.

08.07.2025 20:12
6.3k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

08.07.2025 10:25
4.1k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
7.7k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...