Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilime gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadyldy

  • 10.10.2020 03:01
  • 39k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pürli Agamyradowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň sport, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu karar anna güni Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde Baş prokuror Batyr Atdaýewiň bilim edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri baradaky hasabatyndan soň yglan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary M.Gowşudowyň iri möçberde para alýandygy, şeýle hem bilim ulgamynyň welaýat we ýerli müdirlikleriniň birnäçe işgäriniň öz wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygyny ýüze çykaryldy.
Olaryň hemmesi jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň karary bilen azatlykdan mahrum edildi.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň öňki (04.2015-04.2020) rektory S.Ataýewanyň dört jaýy, iki ofisi, iki kafesi, 11 söwda nokady, 13 ammary, 1 ýyladyşhanasy we 3 ýeňil awtoulagy konfiskasiýa edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde parahorluk we korrupsiýa bilen meşgullanýan her bir adamyň, wezipesine garamazdan, kanunyň öňünde jogap berjekdigini aýtdy.
Agamyradow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän Adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesinden hem boşadyldy.

şu gün 20:12
2.1k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

şu gün 10:25
3.1k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

düýn 13:30
7k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...