Türkmenistanyň Prezidenti W.Putini doglan güni bilen gutlady

  • 07.10.2020 10:01
  • 17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli gutlag iberdi.

“Russiýa Federasiýasynyň ynamly durmuş-ykdysady ösüşi, döwlet gurluşynyň we halkara giňişliginde at-abraýynyň yzygiderli berkidilmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglydyr” diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-russiýa strategik we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge Prezident Wladimir Putiniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......