NVIDIA lukmançylyk işläp taýýarlamalary üçin kuwwatly çözgüt hödürleýär

  • 07.10.2020 03:00
  • 6.5k+

Angliýada NVIDIA tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda emeli intellektiň işi üçin iň güýçli kompýuter serweri işe giriziler. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, 3dnews.ru habar berdi.

NVIDIA-nyň maglumatyna görä, täze superkompýuter dünýädäki iň güýçli 30 kompýuteriň hataryna girýär.
Superkompýuteriň ady Cambridge-1 bolar we ol NVIDIA DGX SuperPOD ulgamynda işlär. Täze serweriň iň tygşytly kompýuterleriň biri boljakdygy bellenilýär.

“Dünýädäki saglyk meselelerini çözmek EI-ni ulanmak üçin ägirt uly hasaplaýyş güýjüni talap edýär. Cambridge-1 Angliýanyň innowasiýa merkezine öwrüler we innowasiýa gözleglerine we derman serişdeleriniň tapylmagyna kömek eder" - diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy Jensen Huang belleýär.

Kompaniýanyň habaryna görä, serwer 2020-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler. Işiň başlangyç döwründe GSK, AstraZeneca, Oksford Nanopore Technologies, Beýik Britaniýanyň Milli Saglyk Gullugy we Londonyň Korollyk Kolleji ýaly iri derman we gözleg kompaniýalary serwer çeşmelerine girip bilerler.

düýn 16:05
1.2k+

Google Android-de nätanyş programmalaryň gurnalyşyny 24 sagada çenli gijikdirer

Google kompaniýasy Android ulgamynda programmalary gurnamagyň düzgünlerini üýtgeder. Awgust aýyndan başlap, barlanmadyk işläp düzüjileriň APK-faýllaryny gurnamaklyk goşmaça barlagy we 24 sagada çenli garaşmagy......

01.04.2026 17:22
3.3k+

ABŞ-da Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan uly sergi açyldy

ABŞ-da 1-nji aprelde Apple kompaniýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli guralan sergi açyldy. Sergi Jorjiýa ştatynyň Rozwell şäherindäki «Mimms Museum of Technology and Art» muzeýinde ýerleşdirildi....

01.04.2026 11:12
526

Microsoft ulanyjylara Windows-da täzelenmeleri yza süýşürmäge rugsat berer

Microsoft kompaniýasy Windows ulgamynyň täzelenme ulgamyndaky üýtgeşmeleri yglan etdi. Geljekde ulanyjylar täzelenmeleri gurnamagy zerur bolan möhlete çenli wagtlaýyn togtadyp bilerler we kompýuteri mejbury......

31.03.2026 14:58
7k+

Caviar Stiw Jobsuň köýneginiň bölegi ýerleşdirilen iPhone 17 Pro-ny tanyşdyrdy

Caviar kompaniýasy Apple-yň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone 17 Pro smartfonlarynyň çäkli toplumyny hödürledi....