Fizika boýunça Nobel baýragy kosmos gözlegleri üçin berildi

  • 06.10.2020 20:05
  • 5.6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kosmos gözlegleri üçin Rojer Penrouza, Reýnhard Genzela we Andrea Geza berildi. Jenap Penrouz gara deşikleriň umumy degişlilik teoriýasyny tassyklaýandygy baradaky açyşy üçin baýragyň ýarysyny alar. Jenap Genzel bilen hanym Gez galaktikanyň merkezinde ýokary derejede uly obýektiň tapylandygy üçin baýraga mynasyp boldular. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

“Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy 2020-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragyny bermek barada karara geldi: baýragyň ýarysy – Rojer Penrouza, galan ýarysy – Reýnhard Genzela we Andrea Geza” – diýlip, Twitterdäki habarda aýdylýar.

Umumy degişlilik teoriýasy gara deşikleriň – uly dartyş güýçli kosmiki obýektleriň, hakykatdan hem, bardygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, bu teoriýany döreden Albert Eýnşteýniň özi hem muňa ynanmandyr. 1965-nji ýylda geljekki nobeliat Rojer Penrouz gara deşikleriň, hakykatdan hem, bardygyny subut edip, olaryň gurluşyny jikme-jik beýan etdi.
Beýleki iki laureatyň ylmy üstünlikleri astronomlaryň Kowus A* (Keman) diýip atlandyrýan Galaktikamyzyň merkezindäki uly obýekt bilen bagly. Bu obýekt Günden 4 mln esse agyr bolan, gyzgyn gaz buludy bilen gurşalan gara deşige eýedir. Gez bilen Genzeliň ýolbaşçylygyndaky ylmy topar bu obýekti gaz bulutlarynyň arasyndan nähili görmelidigini anykladylar.
Geçen ýyl fizika boýunça Nobel baýragy astronomiýa açyşlary üçin Jeýms Piblza (Kanada), Didýe Keloza we Mişel Maýora (ikisi hem Şweýsariýa) berildi. Jeýms Piblz fiziki kosmologiýada teoretiki açyşy üçin baýragyň eýesi boldy. Didýe Keloz bilen Mişel Maýor Gün görnüşli ýyldyzlaryň daşyndan aýlanýan ekzoplanetalaryň açyşy üçin baýrak aldylar.

düýn 17:37
1.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.2k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......