Rus awiakompaniýalaryna Türkmenistana gatnawlary ýola goýmaga rugsat berildi

  • 06.10.2020 18:29
  • 26k+

Rus howa ýollary Russiýanyň awiakompaniýalaryna 24 ýurda, şol sanda Türkmenistana yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat berdi. Degişli buýruk agentligiň web sahypasynda çap edildi diýip, ORIENT habar berýär.

"Pudagara komissiýanyň 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabryndaky gatnawçylara rugsat bermek baradaky karary bilen, Russiýanyň awiakompaniýalaryna... daşary ýurtlarda birnäçe nokada ýolagçylary we (ýa-da) ýükleri daşamak üçin ygtyýar berildi" diýlip, Federal Howa Ulaglary Agentliginiň (Rus howa ýollary) web sahypasynda aýdylýar.
Buýruga goşundydan gelip çykyşy ýaly, rugsat şu aşakdaky nokatlar üçin berildi: Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gresiýa, Müsür, Ysraýyl, Ispaniýa, Italiýa, Gazagystan, Kipr, Gyrgyzystan, Niderlandlar, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Çehiýa, Hytaý, Saud Arabystany, Tanzaniýa, şeýle hem Malta we Maldiwler.
Federal Howa Ulaglary Agentligi bu rugsat bermegiň halkara ugurlar boýunça uçuşlary dowam etdirmek üçin esas ýa-da çözgüt däldigini aýtdy.

"Rugsat - awiakompaniýanyň uçuşlar täzeden başlanda ulanyp biljek hukugy" - diýip, Agentlik belleýär.

Russiýa 1-nji awgustdan bäri koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara howa gatnawlaryny dikeltmäge başlady. Häzire çenli Russiýada Türkiýä, Beýik Britaniýa, Tanzaniýa, Şweýsariýa, Müsüre, Birleşen Arap Emirliklerine we Maldiw adalaryna gatnawlar açyldy.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......