Çuwaş döwlet uniwersitetiniň türkmen talyplary batyrgaýlykda tapawutlandylar

  • 02.10.2020 19:23
  • 18k+

"Onlaýn gazetimiziň redaksiýasyna Çuwaş döwlet uniwersitetiniň Aragatnaşyk merkeziniň işgäri Natalýa Ýaşinadan häzirki wagtda uniwersitetiň hukuk fakultetinde okaýan watandaşlarymyz - Eldar Alyýewiň we Allabaý Amanmuhammedowyň batyrgaý hereketleri hakda hat gelip gowuşdy" diýip «Türkmenistan: altyn asyr» internet-gazeti ýazýar.

Allabaý we Eldar raýat jogapkärçiligini görkezip, jenaýatyň öňüni almagy başardylar we bir aýalyň janyna kast eden adamy polisiýa işgärleriniň eline berdiler. Halas edilen - Tatýana Aksanowa uniwersitete hat ýazyp, talyplaryň edermenligi barada gürrüň berdi.
Çuwaş döwlet uniwersitetinde gaýduwsyzlygy, duýgurlygy we adatdan daşary ýagdaýlarda dogumlylygy üçin uniwersitetiň rektorynyň adyndan minnetdarlyk haty bilen sylaglanan Allabaýy we Eldary hormatlamak çäresi geçirildi. Çuwaş Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky jemgyýetçilik geňeşi ogullaryna beren mynasyp terbiýesi üçin olaryň ene-atalaryna sag bolsun aýtdy. Eldar Alyýewiň we Allabaý Amanmuhammedowyň hossarlary wideo konferensiýa gatnaşyp, mähirli sözlere we arzuwlaryňa şaýat boldular.

"Häzirki wagtda biziň wezipämiz ýaşlarda işjeň raýatlyk pozisiýasyny ösdürmek, watançylyk terbiýesini bermek, döwürdeşleriň, göräýmäge adaty adamlaryň gahrymançylykly işleri hakda gürrüň bermek" - diýip, I. N. Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň rektory Andreý Aleksandrow tomaşaçylara ýüzlenip aýtdy.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......