Russiýada koronawirusa garşy ikinji sanjym patentleşdirildi

  • 01.10.2020 23:08
  • 8.4k+

Wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň “Wektor” ylmy merkezi tarapyndan taýýarlanan koronawirusa garşy sanjym patentleşdirildi, bu barada Intellektual eýeçiligiň federal gullugy (Rospatent) habar berdi. Muny kommersant.ru ýetirýär. Mundan ozal COVID-19-a garşy sanjym üçin patenti Gamalei merkezi alypdy.

“Özleriniň kärdeşlerinden tapawutlylykda, Nowosibirsk alymlary wirus böleklerini – sintetik peptid antigenleri öz içine alýan sanjymy taýýarladylar. Olara esaslanýan sanjym COVID-19-a garşy immun täsirini döredýär we immunitetiň mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär” – diýlip, Rospatentiň habarynda aýdylýar.

Oýlap tapyşlar üçin jemi üç patent berildi, olaryň her biri wirusyň belli bir üýtgedilen bölegini saklaýar.
30-njy sentýabrda Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa “Wektor” merkeziniň sanjymynyň kliniki synaglarynyň tamamlanandygyny habar berdi. “Wektor” tarapyndan döredilen sanjym “EpiWakKorona” diýlip atlandyrylýar. Sanjymda janly wiruslar ýa-da koronawirusyň genetiki materialy ýok. Koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin “EpiWakKorona” serişdesiniň synagynyň birinji tapgyry serişdäniň doly howpsuzdygyny görkezdi. Saglygy goraýyş ministrligi bu sanjymy bellige alyp başlady. Bu işi 15-nji oktýabra çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. “EpiWakKorona” “Wektor” meýdançasynda öndüriler, raýat dolanyşygyna onuň iki görnüşi çykyp biler.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....