Ýurdumyzyň birnäçe raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy

Ýurdumyzyň birnäçe raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ejegyz Garajaýewna Rahmanowa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bölüminiň maşgala lukmany Annajemal Geldiýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Nyýazdurdyýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulboldy Allabaýewa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Miwegül Berdiýewa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň lukmany Amantäç Muhammetorazowa.