Pandemiýa zerarly Özbegistanda galan raýatlarymyz ýurdumyza dolandy

  • 26.09.2020 22:53
  • 24k+

Türkmenistanyň 120 raýaty Özbegistandan öz watanyna gaýdyp geldi diýip, Sputnik gullugyna salgylanyp, Turkmenportal habar berýär. Olar 23-nji sentýabrda Buhara welaýatyndaky "Alat" serhet geçelgesinden geçdiler.

Maglumatlara görä, bular - Özbegistanda pandemiýa bilen baglanyşykly girizilen karantin çäklendirmeleri sebäpli Türkmenistana dolanyp bilmedik watandaşlarymyz.
Goňşy ýurduň çäginde wagtlaýyn bolýan raýatlar Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasyna ýüz tutdular. Diplomatlar bu meseläni hökümet derejesinde çözdüler we netijede, taraplar ylalaşmagy başardylar.
Türkmen raýatlaryny döwlet gurluşlarynyň şu meseläni çözmek bilen meşgullanýan resmi wekilleri ugratdylar. Zenanlara gül desseleri gowşuryldy. Gelenleriň içinde sekiz sany kämillik ýaşyna ýetmedik çaga hem bar.
Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistanyň hökümeti pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlaryny gurady.

düýn 20:12
3.7k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

düýn 10:25
3.4k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
7.2k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...