Türkmenistanda Halk Maslahatynyň işi bes edildi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň işi bes edildi

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi bes edildi. Bu barada döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bu mesele boýunça Halk Maslahatynyň şu günki mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky birinji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip kabul etmek hakynda» buýruga gol çekdi.

«Şu gün «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyny kabul etmek bilen, biz ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşyny döretdik. Täze mejlisiň Halk maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk işlerini geçirmek we onuň agzalaryny saýlamak gerek» – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Konstitusion Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalary üçin ilkinji saýlawlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny bellemek, şeýle-de bu gurluşyň işini ýola goýmak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek barada Halk Maslahatynyň kararyna gol çekdi.