W.Putin parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hödürlenildi

  • 24.09.2020 22:55
  • 13k+

Ýazyjy Sergeý Komkow parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini hödürlemek üçin ýüz tutdy. Şol bir wagtyň özünde Kremlde Putine parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşuryljakdygyna ýa-da gowşurylmajakdygyna biperwaý garaýarlar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Eger-de karar kabul edilse – has gowy. Kabul edilmese-de – gorkuly zat ýok” – diýip, döwlet ýolbaşçysynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistleriň Kremlde Putini bu baýraga hödürlemeklige nähili garalýandygy baradaky soraglaryna jogap bermek bilen aýdýar.
“Bu baýraga düýbünden başga adamlaryň hödürlenýändigini siz bilýärsiňiz. Bu hem şu teklip bilen çykyş edýänleriň başlangyjy. Dalaşgärleri göz öňünde tutmagyň hem kesgitli tertibi bar” – diýip, Peskow aýtdy.

Öň, KHBS RF-iň prezidentiniň parahatçylygyň Nobel baýragyna hödürlenendigini habar berdi.
17-nji sentýabrda oppozisioner Alekseý Nawalnynyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna birnäçe alym tarapyndan hödürlenendigi belli boldy. Bu barada Facebookda Ratgers uniwersitetiniň (ABŞ) professory, sosiolog Sergeý Ýerofeýew mälim etdi.
9-njy sentýabrda Norwegiýanyň mejlis agzasy Kristian Tibring-Gedde Fox News telekanalyna beren interwýusynda uzaga çeken dawalary çözmäge goşan goşandy üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürländigini habar berdi.
Baýraga dalaşgär görkezilmegi onuň berilendigini aňlatmaýar: şu ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýýäm 300 töweregi adam dalaşgär görkezildi. Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy 1901-nji ýyldan bäri Osloda Nobel komiteti tarapyndan, komitetiň pikiriçe, parahatçylygy berkitmäge möhüm goşant goşan şahsyýetlere we guramalara berilýär.

şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 17:16
2.4k+

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...